SOŇKY HABARLAR
Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň gutlagy
Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça özgertmeleri amala aşyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek,...
Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar
Türkmen türgenleri şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän sport we söweşjeň sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler. Olar 7 altyn, 13 kümüş, 19 bürünç, jemi 39 medal gazanmagy başardylar. Bu ýaryşa 29 ýurtdan 300-den gowrak samboçy gatnaşýar. Hormat münberine Sapar Döwletow, Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli agram dereje), Muhammet Kössekow (68 kilograma çenli), Ruşana Nuržanowa (56 kilograma çenli) we Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde g...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, işjeň we deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Özüniň türkmen kärdeşini 60 ýaşynyň dolmagy bilen mähirli gutlap we milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan asylly işlerin...
Ýeňil atletikaçylaryň nobatdaky ýeňşi
Ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara turnirinde türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar. Watandaşlarymyz “ýekedaban zyňmak” we “4x400 metre ylgamak” görnüşleri boýunça tapawutlandylar. Ýekedabany 65 metr 71 santimetr aralyga zyňmagy başaran Mergen Mämmedow ýaryşyň wise çempiony boldy. Braziliýanyň Rio-de- Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada -2016-a gatnaşyjy Amanmyrat Hommodowyň görkezen netijesi topardaş türgeniňkiden...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Syçuan welaýatynda bolup geçen süýşgün zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Genius Olympiad-da baýrakly orunlay eýelediler
Nýu-Ýork ştatynyň Oswego şäherinde her ýyl geçirilýän halkara taslama olimpiadasyna dünýä ýurtlarynyň 70-den gowragyndan we ABŞ-nyň ştatlarynyň 40-syndan ýaş eokloglar gatnaşdylar. Olimpiadanyň esasy maksady ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermekdir.Telekeçilik, žiwopis, sungat, ylym we şygryýet ýaly ugurlarda innowasion taslamalar teklip edildi. Aşgabadyň we Daşoguzyň ýörüteleşdirilen mekdepleriniň onunjy synp okuwçylaryndan düzülen topar Türkmenistana wekilçilik etdi. Ylym bäsleşiginde Aşgab...
4-6 июля в Ашхабаде состоится выставка китайских товаров
В экспоцентре Торгово-промышленной палаты товары и услуги представят ведущие компании КНР, специализирующиеся в производстве электрооборудования, строительных материалов, сельскохозяйственной и строительной техники, металлических и пластиковых изделий, текстиля и ковров, продовольствия, а также работающие в сфере нефтегазовой и химической промышленности, транспорта и логистики, связи, здравоохранения и фармацевтики, торговли.