土库曼斯坦大使馆
中华人民共和国 - 北京
2023-nji ýyl - Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.
2020-nji ýylyň makroykdysady netijeleri Türkmenistanyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyny boldy. Şol özgertmeler türkmen halkynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistan daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi” diýip bellenýär.
Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine 2018-2024-nji ýyllarda 240 milliard manat bölüp bermek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 2020-nji ýylda ösüş depgini 5,9 % deň boldy, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.
Şunuň bilen birlikde, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de guramalaryň işgärleriniň zähmet haklary, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandy.
2020-nji ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilip başlanandygyny, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda», “Iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.
Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň maliýe hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup hyzmat edýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä söwda guramasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini gazandy. Bu ýurduň halkara we sebit derejesinde söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan oňyn şert bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Söwda halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetde özgertmeleri, bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyňlyk bilen görkezýär.
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutany Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalarynyň we strategiýalarynyň döredilmegi babatynda öz garaýyşlaryny beýan etdi hem-de «Biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi diýip atlandyrýarys we şunuň bilen birlikde hem bu ýoluň ugrunda ýaşaýan halklaryň we onda ýerleşen döwletleriň arasyndaky özaragatnaşyklaryň özboluşly häsiýetiniň taryhy dowamatyny aýratyn belleýäris» diýip nygtady.
Soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2018-2024-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň çäklerinde geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite orta möhletleýin maksatnamalar işlenip düzülýär.
Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji öňdäki orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirijilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.
Hyzmatdaş taraplar bilen bilelikde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) ugry boýunça gaz geçirijisini gurmak işleri işjeň dowam etdirildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp baryldy.
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi.
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Iş ýüzünde görülýän çäreleriň netijesinde türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar, bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Türkmenistan energiýa geçirijilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar. Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobatda, uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygiderli amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.
Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektrik energiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar, täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzda öndüriljek elektrik energiýasynyň mukdary 33 milliard kilowatt sagada ýetiriler.
Türkmenistanda eýýäm doly gazylyp alnan ýatak gorlaryny toplumlaýyn ulanmak, şeýle-de himiki çig malyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly himiýa we nebithimiýa senagatynyň pudaklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler bar.
Döwletara şertnamalara laýyklykda, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwaty tapgyrlaýyn artdyrylýar. 2020-nji ýylyň dekabrynda dünýäde bu iň iri energiýa geçirijisiniň işe girizilenine 11 ýyl doldy.
Pudagyň serişde binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň biri dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdyr. Onuň ätiýaçlyk gory «Ýaşlar» hem-de «Garaköl» känleri bilen bilelikde alanyňda, 27 trillion kub metre ýakyn möçberde bahalandyrylýar.
Häzirki wagtda meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasynda guýularyň 40-dan gowragy bar. Olaryň her biriniň önüm berijiligi, ortaça, bir gije-gündizde iki million kub metr gaza deňdir.
Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşen, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli iri senagat desgalaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
Şu babatda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanylmaga berilmegi ähmiýetli waka boldy. Täsin gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň iýun aýynda geçirildi.
Senagat toplumy «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologik institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak baradaky gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamalaryna mynasyp boldy.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, iň täze ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän ylmy önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam eder. Nebitgaz ulgamynda birnäçe iri desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Geljekde Türkmenistanyň her welaýatynda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistrol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürmek boýunça toplumlary gurmak maksat edinilýär. Bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Umuman, Türkmenistany ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de onuň möhüm düzüm bölegi bolan nebit-gaz senagatyny ösdürmek baradaky strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar.
Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2019 — 2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýurduň welaýatlarynda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň edaralary, ýaşaýyş jaýlary, düzümleýin desgalar bilen birlikde, dürli maksatly binalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
2020-nji ýylyň 25-nji maýynda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XIX köpugurly halkara sergi Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik we şäher düzümini kemala getirmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerini görkezdi. Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň 70-den gowrak wekilleri öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň ýokary hilini we ýerine ýetirýän işleriniň köpdürlüligini görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde örän uly orun eýeleýän firmalaryň we kompaniýalaryň hem-de hususy telekeçileriň onlarçasy bar.
2020-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda 15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda gurlan dynç alyş düzüminiň desgalarynyň açylyş dabarasyny gökezmek bolar. Bu dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, geljekde has oňaýly iki gatly kottejleri, çagalar hem-de sport meýdançalaryny, üsti açyk suwa düşülýän howuzlary we akwaparklary hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň ençemesini gurmak meýilleşdirilýär.
2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumy ulanylyşa tabşyryldy. Giň gerimli taslamanyň çäklerinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň altysy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onusy guruldy. Zerur tehniki ulgamlary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty geçelgeleri we ýolagçy ulaglar üçin duralgalary öz içine alýan, umumy uzynlygy 5,5 kilometrden gowrak bolan täze ýol çekildi.
Şol ýerde “Gül Zemin” söwda-dynç alyş merkezi hem guruldy. Awtomobil ýol çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmenalabaýy” heýkeli bezedi. Itleriň bu täsin tohumyny wagyz etmek işinde 2020-nji ýyl möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy, Änew şäherinde bolsa döwrebap weterinariýa hassahanasy hem-de öý haýwanlaryny saklamak üçin niýetlenen jaýlar guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolsa alabaý itleriniň merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýakyn ýyllarda paýtagtyň demirgazyk böleginde kemala geljek iri ýaşaýyş toplumynyň taslamasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, «akylly şäher» konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy bolar.
Döwlet Baştutanynyň “Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, gurluşykda 7 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň mukdary 11,5 göterime çenli ýokarlanar. Umumy maýa goýumlaryň möçberi 229,3 milliard manada deň bolar. Şu döwürde 289 desgany ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şol sanda 36 desga döwrebaplaşdyrylar we durky täzelener.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň welaýatlarynda hassahanalaryň 13-si, saglyk öýleriniň 20-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 163-si, umumy bilim berýän mekdepleriň 201-si, medeniýet öýleriniň 16-sy, suw arassalaýjy desgalaryň 11-si, lagym arassalaýjy desgalaryň 13-si gurlar. Şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän elektroenergetika ulgamynda ýedi ýylyň dowamynda 7 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, ýurduň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gurluşyk senagaty we elektroenergetika pudaklarynyň okgunly ösüşi özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.
Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär.
Türkmenistan dünýä ähmiýetli iri halkara ulag-üstaşyr we telekommunikasiýa geçelgesine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag we aragatnaşyk pudagynyň depginli ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de Ýer ýüzüniň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga uly itergi berer.
Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irileriniň biri hökmünde çykyş edýär.
2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda Döwlet Baştutanynyň çözgüdi boýunça 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmiki ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manada golaý maýa goýumlary gönükdiriler.
Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. Ýurtda daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Şolar içerki azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçiligi kemala getirmek, Türkmenistanyň eksport ýörelgesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehniki enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen dokma senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 sany dokma toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň aglabasy Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-a, Kanada, Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe Respublikasyna, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar.
2020-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň iki sany möhüm düzümine: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň Hökümetiniň milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi üçin görýän çärelerini goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.