Türkmenistanly mekdep okuwçylary Genius Olympiad-da baýrakly orunlay eýelediler

photo

Nýu-Ýork ştatynyň Oswego şäherinde her ýyl geçirilýän halkara taslama olimpiadasyna dünýä ýurtlarynyň 70-den gowragyndan we ABŞ-nyň ştatlarynyň 40-syndan ýaş eokloglar gatnaşdylar. Olimpiadanyň esasy maksady ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermekdir.Telekeçilik, žiwopis, sungat, ylym we şygryýet ýaly ugurlarda innowasion taslamalar teklip edildi. 

Aşgabadyň we Daşoguzyň ýörüteleşdirilen mekdepleriniň onunjy synp okuwçylaryndan düzülen topar Türkmenistana wekilçilik etdi. Ylym bäsleşiginde Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 97-nji mekdebinden Serdar Nepesow, Arslan Meretmyradow, Daşoguz şäheriniň ýörüteleşdirilen 26-njy mekdebinden Mukam Altyýew bilen Muhammetsyddyh Abdrazakow dagy bürünç baýraga mynasyp boldylar. 

Ýokary synp okuwçylary öz taslamalaryny iýmit galyndylaryny gaýtadan işlemek, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak, howa zyýanly tüsseleriň goýberilmegini azaltmak ýaly wajyp ugurlara bagyladylar. Oglanlaryň halypalalrynyň biri, biologiýa mugallymy Berdimyrat Ýazhanowyň aýtmagyna görä, onuň okuwçylary Serdar Nepesow bilen Arslan Meretmyradow ozal hem halkara olimpiadalarynda baýrakly orunlary eýeleäpdirler. Ýagny Malaýziýada we Rumyniýada geçirilen biologiýa hem-de kompýuter tehnologiýalary boýunça aň-paýhas bäsleşiklerinde altyn we bürünç medallara mynasyp bolupdyrlar. 

Türkmenistanly mekdep okuwçylary her ýyl abraýly halkara ýaryşlarynda dürli derejeli medallaryň onlarçasyny eýeleýärler, bu bolsa milli pedagogikanyň we dünýä üstünlikleriniň iň gowy däplerine esaslanýan innowasion bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýänligine şaýatlyk edýär.