Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Syçuan welaýatynda bolup geçen süýşgün zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.