Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň gutlagy

photo

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi. 

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. 

Türkmenistan ähli ugurlar boýunça özgertmeleri amala aşyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uly möçberli maýa goýumlaryny özleşdirmek arkaly önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini ynamly artdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň özi, geljegi uly bolan türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. 

Hytaý Halk Respublikasynyň harytlarynyň köpugurly sergisi hem dostlukly ýurduň ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini äşgär etmek bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we giňeldilmegine uly ýardam berer – diýip, gutlagda bellenýär. 

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportuny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu serginiň ähmiýeti örän uludyr. 

Serginiň geçýän günleri Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçliklerini görkezerler. 

Gutlagyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanly we hytaýly hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taslamalary dowam etdirmekde hem bu serginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.