img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Maý

HALKARA MAGLUMAT HOWPSUZLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA GEŇEŞMELERI

2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow  ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR

2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...

DOWAMY
pic
20 Maý

Sagdynlyk - ruhubelentlik

Şu gün paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgelerini we başlangyçlaryny goldaýarlar.  Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, ýaşuly nesliň arasy...

DOWAMY
pic
20 Maý

Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.  Çärä Astrahan oblas...

DOWAMY
pic
19 Maý

Döwlet baştutany 30 kilometre welosipedli gezelenç etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mrmerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdanyna çenli dowam etdi.  Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýyp eýý...

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Hytaýda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijisi

Pekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş müdirligi gurnadylar.  Ýaryşa Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Polşanyň, GAR-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Şwesiýanyň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Maldiwleriň Ilçihanlary...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.  Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur B...

DOWAMY