SOŇKY HABARLAR
Şanly sene mynasybetli konsert
Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy. Bu baýramçylyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy däpleriniň - parahatçylyk döredijiligiň, dostanalygyň we ynsanperwerligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar, demokratik hukuk döwletiň mizemez esas...
Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda — Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy. Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul — Hazar 2018”...
TBILISIDE “TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maslahaty geçirdi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we alymlary, daşary ýurtlaryň Gruziýada işleýän diplomatlary, Tbilisi şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugalymlary we talyp ýaşlary hem-de ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar....
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY: AZIÝADAN ANADOLA ÇENLI” ATLY YLMY MASLAHAT WE FOTOSURAT SERGISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji maýynda 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kap...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýan Bori bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar diplomatik we pa...
TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Tähranda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran Hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Abbas Ahmad Ahundi bilen duşuşdy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ösdür...
Türkmen samboçylarynyň Aziýanyň çempionatyndaky üstünlikli çykyşy
Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa çempionatynda milli ýygyndy toparymyz 11 medal, şol sanda bäş altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal gazandy. Çempionata ýurdumyzdan 13 türgen gatnaşýar. Söweş sambosy boýunça türgenlerimiz bäş altyn medaly gazanyp, aýratyn tapawutlandylar. Ýokary agram derejesinde (100 kilogramdan ýokary) çykyş eden Babajan Iwadullaýew ýokary baýraga eýe bolup, Aziýanyň häzirki çempiony derejesini tassyklady. Geçen ýyl bu türgen Daşkentde g...