Döwlet baştutany 30 kilometre welosipedli gezelenç etdi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mrmerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdanyna çenli dowam etdi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýyp eýýamyň esasy maksatlarynyň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçsy bolan hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza, ozaly bilen bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem milli Liderimiz işiniň juda köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapdy hem-de ýene-de örän ýokary beden taýýarlygyny görkezdi. 

Döwlet Baştutanymyz ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Jülge diýen ýere geldi. Bu ýerde Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýar, paýtagtymyz günüň mylaýym şöhlesiniň astynda ak mermerli binalary bilen göwher ýaly ýalkym saçýar. Säheriň tämiz howasy hem-de dag eteginiň täsin görnüşi, dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda pugta orun eýeleýän paýtagtymyzyň täzelenen keşbi haýran galdyrýar. Bu görnüşleriniň ählisi ruhuňy göterýär, gujur-gaýratyňy, keýpiçaglygyňy artdyrýar. 

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiniň dowamynda daşky gurşawyň gözelliklerini, bu künjegiň täsinliklerini, özboluşlylygyny synlady, tokaý zolaklaryna ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi hemde etekleri tanalmaz derejede özgerdi. Köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowarlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň dag etegindäki çäklerde agaç nahallarynyň millionlarça düýbi ekildi, häzirki wagtda olar gür tokaýlyga öwrülýär, amatly howa ýaglaýynyň döremegine oňyn täsir edip, tomsuň yssy günleri salkyn howa eçilýär, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar. 

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça tokaý zolaklary döredilýär, seýilgähleriň we seýilbaglaryň düýbi tutulýar, şäherleriň hem-de obalaryň daş-töweregini “ýaşyl guşaklar gurşap alýar. Bularyň ählisiniň hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bähbidine, ilatymyzyň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtaýar. 

Bu ugurda geçirilen işler tebigatda gezelenç etmek hem-de dynç almak üçin mümkinçilikleri döretmek babatynda hem möhümdir, paýtagtymyzyň eteklerinde dynç alýanlaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin amatly ýagdaý kemala gelýär, olaryň köpüsi bu ýere maşgalalary we çagalary bilen gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa taýdan iň arassa ulag bolan welosipedi işjeň peýdalanmak maksada laýykdyr. Mundan başga-da, welosiped sürmek syýahatçylygyň giňden ýaýran görnüşidir, ýurdumyzda işjeň durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin bu ulgamyň geljegi örän uludyr. 

Döwlet Baştutanymyzyň welosipedli ýörişii geçýän ugrunda ýerleşýän Köpetdagyň iň belent dag gerişleriniň birinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar, ýaşyl Tugumyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň, onuň oňyn bitaraplyk esasynda alyp barýan daşary syýasatyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli binýatlarynyň mizemezdigini alamatlandyrýar. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 18-nji maýda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri—Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmagynda paýtagtymyzda guralan dabaralar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň hem-de döredijiligiň beýik taglymlaryna ygrarlylygyny ýene bir gezek görkezdi. 

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň ugruny tizlik bilen geçip, Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerine gelýär. Täsin dag gerişleriniň üsti bilen çekilen pyýada gezelenç ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýän künjegine, iri sport we medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. 

Şunda Saglyk ýolunyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşanlarynyň biridigini bellemek gerek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş ýokary netijeli sport hereketini höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, adamyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly kämilleşdirmek şol syýasatyň örän möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ulgamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmenistanlylaryň barha köpsanlysy “Sagdyn bedende –sagdyn ruh” şygaryna eýermek bilen, bedenterbiýe sport bilen yzygiderli meşgullanýar. 

Diňe bir watanlaşlarymyzyň tarapyndan däl-de, halkara sport bileleşiginiň hem giň goldawyna eýe bolýan strategiýanyň üstünliklere beslenýändigine hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegi-de şaýatlyk edýär. 

Sportuň bu görnüşi ýurdumyzda aýratyn meşhurlyga eýedir. Häzirki zaman welotrekleriň gurulmagy hem-de beýleki sport toplumlarynyň bina edilmegi, şeýle hem milli Liderimiziň öz hatarlaryna ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýän yzygiderli welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ýola goýan ajaýyp ýörelgesi welosiped sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda ägirt uly üstünlikler bilen guralan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped ýaryşlary hem girizildi. Merkezi Aziýa sebitinde iň iri sport desgasy bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde ajaýyp ýapyk welotrek desgasy guruldy, ol iň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýär. Häzirki wagtda bu ýerlde türkmen türgenleri yzygiderli türgenleşikleri geçýärler hem-de halkara ýaryşlaryna göwnejaý taýýarlyk görýärler. 

Ine, “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlp yglan edilen şu ýyl hem ýurdumyz üçin iri “Amul-Hazar 2018” sport çäresine beslener, ol ylgaw ýaryşyny, welosipedli ýörişleri we halkara awtorallini öz içine alýar. Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy fewralda milli Liderimiz Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Onuň ugrunyň häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän gadymy meşhur ýol boýunça geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir, Türkmenistanyň çägi bu ýoluň ýüregi bolup durýar. 

Ýakynda milli Liderimiz “Amul-Hazar” rallisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň toparlaryny seçip almak ýa-da “TürkmenDesertRace” halkara görnüşi boýunça geçirilen saýlama ýaryşlaryna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Sport ulagynyň başyna geçip, ýokary ussatlygyny we aňrybaş tizlige ýetmegiň erkini aýan etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýokary sport endikleri köp ýyllaryň dowamynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň nusgawy miwesidir. Milli Liderimiz ýetginjek ýyllarynda göreşiň klassyki we erkin görnüşleri bilen meşgullanyp, birnäçe ýaryşlara gatnaşdy hem-de ýokary netijeleri gazandy. Döwlet Baştutanymyz 1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça we 1973-nji ýylda bolsa nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen derejelere mynasyp boldy. 

Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlaryna, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp, gazanýan ýeňişleriniň we medallarynywň sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Häzirki döwürde türkmen türgenleri şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna, hem-de Jakarta (Indoneziýa) şäherinde boljak tomusky Aziýa oýunlaryna we beýleki iri halkara bäsleşiklerine taýýarlyk görýärler. 

Ministrler Kabinetiniň 13-nji aprelde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara Olimpiýa komitetiniň Türkmenistanyň toparlaryny 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga iberen çakylygyny kabul etmek baradaky Karara gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sporty ösdürmek hem-de oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermek olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýän Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny biridir. Türgenleri terbiýelemek, olarda maksada okgunlylyk, hähmetsöýerlik, durnuklylyk, işjeňlik we ýeňşe bolan erk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine möhüm üns berilmelidir diýip milli Liderimiz belledi Türkmenistanyň bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy üçin ýygyndy toparlary taýýarlak üçin ähli zerur şertleri döretmegi we taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketine gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. 

Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, häzirki döwürde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrülmelidir ol dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň pugtalandyrylmagyny, halklaryň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny üpjün etmelidir. Halkara guramalarynyň 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda birnäçe halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyna şaýatlyk edýär. 

... Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerini biri bolan Arçabil şaýoly bilen welosipedli ýörüşi dowam etdi. Bu ýerde iň kaşaň desgalar häzirki zaman edara ediş-işewürlik we medeni merkezi kemala geldi hem-de şol edaralaryň desgalary paýtagtymyzyň binagärlik keşbini gözelleşdirdi. Milli Liderimiz ýolugra täze desgalarda, şol sanda Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň “Buig Batiman Internasional” kompaniýasynyň gurýan binalary bilen tanyşdy. 

Aşgabat gün-günden gözelleşýär we häzirkizaman ölçeglerine kybap gelýän şäher ilatyna hödürleýär. Soňky ýyllarda şäheriň binagärlik keşbi täze ajaýyp binalar toplumy, birnäçe desgalardan ybarat ýaşaýyş toplumlary bilen sazlaşygy emele getirdi we täze taryhy eýýamyň, Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de ýeten derejesiniň baş nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary, şol sanda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Aşgabat şäheri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi halkymyzyň buýsanjydy. 

Sebitiň iri işewür, medeni we sport merkezi derejesine eýe bolan hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty özünde döwrebap tejribeleri jemläp, sazlaşykly ösýän, geljege ynamly garaýan, gözellik bilen amatlylygyň, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehinki çözgütler bilen milli binagärligiň gadymky ýörelgeleriniň sazlaşýan şäherine öwrüldi. 

Köpsanly seýilgähler, suw çüwdürimleri, saýaly baglar, owadan gülleri bolan gök zolaklar, döwrebap yşyklandyryş ulgamy, köçeleriň arassaçylygy we abadançylygy paýtagytmyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň ruhuny göterýär. Paýtagtymyzyň ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkara ölçeglerine kybap gelýän täze ulag ýollarynyň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, awtoduralgalaryň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. 

Täzeçil tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy-tehinki ösüşiň gazananlarynyň we bu ulgamdaky döwrebap dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasynyň özenini düzýär. Munuň özi adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, döredijilikli zähmet, amatly durmuş we oňaýly dynç almak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. 

Amatly durmuş ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýar hem-de şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbini özgerdýär. Bina edilýän häzirkizaman sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ilatyň, şol sanda ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerlerin öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdarlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Munuň özi milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydy. 

Welospiedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz milli senenamamyzyň şanly baýramçylyklary mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan Döwlet münberiniň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlap, “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. 

Hormatly Preidentimiziň belleýşi ýaly, sport we sagdynlyk bir bitewi düşünjedir. Yzygiderli türgenleşikler adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onuň işjeňligini, işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar, onda pugta erki, maksada okgunlylygy terbiýeleýär. Bilşimiz ýaly, bu babatda milli Liderimiz hemmämiz üçin nusgalyk göreldedi. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylykda we eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýadawsyz iş alyp barmakda hem şeýledir.