Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. 

Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünlikler gazanmak hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Bu däpde aýratyn parasatlylyk we çuňňur many jemlenendir. Onda rehim-şepagatlylyga we kalbyň päkligine ymtylýan milletiň ruhy ýörelgesi beýan edilýär. 

Türkmen halky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garaýar. Asylly işleri hem-de rehim-şepagatlylygy amala aşyrmaga çagyrýan bu mukaddes aýyň her bir gününde ildeşlerimiz mukaddes däp-dessurlary berjaý edipdir, beden we ahlak taýdan päklenmäge, ruhy taýdan täzelenmäge üns beripdir. Milli däp-dessurlara hem-de urp-adatlara laýyklykda, şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär, sagdyn we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň jebisligi barada dileg edilip, aýat-doga okalýar. 

Islendik işde sabyr-takatlylyk we sahawatlylyk ýörelgelerine eýermegi ündän ata-babalarymyz adamlaryň kalbynda müdimilik orun alan asylly däp-dessurlary kemala getirdiler. Türkmen halky belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we umumadamzat ýörelgeleriniň kämilleşdirilmegine mynasyp goşant goşdy. 

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik ýörelgeleri türkmen halky üçin beýik maksatlara tarap ynamly öňe gitmekde mizemez erk-islegiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Milli däp-dessurlaryň aýratyn gymmatlygy olaryň nesilleriň we eýýamlaryň dowamatlylygyny üpjün edýändigi, ýaşuly nesle hormat-sarpany artdyrýandygy, türkmen halkynyň dünýägaraýşynda hem-de ahlak ýörelgelerinde berk orun tutan ruhubelentlik bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň agzybirligi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde üçünji müňýyllygyň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda uly ähmiýete eýe bolan giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, köp asyrlyk arzuwlar hasyl bolýar, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgeleri dabaralanýar. 

...Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanyna gelip saklanýar. 

Hormatly Prezidentimiz sadaka bermäge niýetlenen bina barýar. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, sadaka gatnaşyjylary we ähli mähriban halkymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly atamyzyň belläp geçişi ýaly, bütin adamzadyň jebisliginiň we agzybirliginiň rowaçlanýan aýy bolan Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli bilelikde agzaçar sadakasyna gatnaşylmagynyň, aýratyn-da, munuň şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän goşa baýram - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gabat gelýändiginiň aýratyn manysynyň bardygyny nygtady. 

Milli Liderimiz: “Goý, okalan aýat-dogalar we berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip aýtdy we tebärek çykyp bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň müftüsine ýüzlendi. 

Müfti tebärek çykyp, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyny, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimize berk jan saglygyny we üstünlikli işlemegini, çuňňur hormatlanylýan hajy Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün berýän sadakasyny kabul etmegini Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okaýar. 

Soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi. Mübärek Oraza aýynda hormatly Prezidentimiziň beren agzaçar sadakasynda milli tagamlarymyzyň dürli görnüşleri äberildi. 

Duz-tagam dadylandan soň, hormatly Prezidentimiz aýat-töwir okap bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň müftüsine ýüzlendi. 

Döwlet Baştutanymyz aýat-töwirlerden we sadakadan öň we soň çärä gatnaşyjylara: “Şu günki berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip ýüzlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.