SOŇKY HABARLAR
Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda
Türkmenistanyň Döwlet sirki dynç güni nobatdaky möwsümini açdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Diýarymyzda täzeden dikeldilen sirk sungaty soňky ýyllarda ýurdumyzyň medeni durmuşynda hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alyş günlerinde görnetin hadysa öwrüldi. Milli sirk mekdebi berkäp, işjeň ösüşine eýe boldy. Biziň sirk artistlerimiz watandaşlarymyzy...
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda milli toparymyz üç medal gazandy
Gyrgyz Respublikasynda açylan Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen pälwanlary dürli derejeli üç medal gazandylar. Täjik milli guşakly göreşi bolan “guştini milli kamarbandi” göreşi boýunça ýaryşlar ýygyndy toparymyz üçin netijeli boldy. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Annamyrat Myradow altyn medal aldy. Iň ýokary agram derejesiniň ý...
Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen howa gatnawlary babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak bilen, Türkmenistan üstaşyr gatnawlarynyň dessinligini we ygtybarlylygyny halkara ölçeglere laýyklykda doly üpjün edýär. Häzir diňe paýtagtymyzyň howa menzili däl-de, eýsem, ý...
XVIII tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy
Şu gün Indoneziýada “Bung Karno” stadionynda XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu tomaşa ýaryşlary geçirýän ýurduň özboluşly milli öwüşginlerine beslendi. Ýagyş hem bu dabaranyň köpöwüşgünli häsiýetine päsgel berip bilmedi. Ýygnananlar Indoneziýanyň Prezidentiniň hem-de Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidentiniň çykyşlaryny şowhunly el-çarpyşmalar bilen garşyladylar. Myhmanlaryň hatarynda Halkara olimpiýa komitetiniň baştutany Tomas Bah hem bar, ol ondan ozal türgenleriň ob...
Türkmenistanda 2018 — 2019-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze mekdepler açyldy
Şu gün Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslendi, bu barada irden ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi. Mekdep okuwçylary we talyplar Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň 27-nji orta mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Okuw mekdepleriniň ählisinde dabaraly nyzama durmalar geçirildi. Şolarda hormatly Prezid...
Türkmenistanyň we Hytaýyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
31-nji awgustda HHR-yň Sinszýan-Uýgur Awtonom raýonynyň dolandyryş merkezi bolan Urumçi şäherinde “Türkmenistan – Hytaý: Beýik Ýüpek ýolunda syýahatçylyk” atly forum geçirildi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň, ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, SUAR-yň syýahatçylygy ösdürmek baradaky döwlet komitetiniň we EKSPO-nyň Sekretariatynyň bilelikde gurnan forumynyň maksady bu ulgamda özara peýdaly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýurdumyzyň we HHR-yň Sinszýan-Uýgur...
BERLINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY» ATLY ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi. Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomat...