SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ENERGETIKA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞINE BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen bu forumy Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanal...
Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy
Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy. 66 kilograma çenli agram derejesinde Medet Hallygurbanow ikinji orny eýeledi. Sportuň şu görnüşinde ildeşlerimiziň gazananlarynyň hasabynda bürünç medallaryň 4-si bar: olary Agajan Hallygurbanow (60 kg. çenli), Jangeldi Medow (74 kg. çenli), Arslan Hojaberdiýew (84 kg. çen...
Üç günde — 17 medal
Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we bir bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi. Ýygyndymyzyň türgenleri türkmen göreşinde uly üstünlige eýe boldular. Göreşiň bu görnüşinde altyn medallaryň üçüsi gazanyldy. 60 kilograma çenli agramlyk d...
AŞGABATDA MASYH AGZA ÝURTLARYNYŇ ÝÜK DAŞAÝJYLARYNYŇ ASSOSIASIÝASYNYŇ FEDERASIÝASYNYŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä...
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda ýene-de 9 medal gazanyldy
Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň ikinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti dürli gymmatlykdaky medallaryň 9-sy — dört altyn, bir kümüş we dört bürünç medal bilen ýetirildi. Biziň türgenlerimize guşaklarda milli gyrgyz guşakly göreşi bolan alyş boýunça ýaryşlarda üstünlik ýar boldy. 100 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Seýdi Batyrow altyn medalyň eýesi boldy. ...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Buharest şäheriniň «ARÇUB» medeniýet merkezinde «Ilçihanalaryň Festiwaly» atly ýyllyk halkara çäresiniň resmi açylyşy geçirildi. Çäräniň işine Rumyniýada akkreditirlenen 70 sany diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň wekilleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, medeni rumyn jemgyýetçiligi we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdy. «ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasy, UNESCO-nyň Rumyniýadaky wekilhanasy we Rumy...
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni ir säher bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz edebi döredijilik bilen meşgullandy hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerine ideg etdi. Milli Liderimiz bu ýerde goýlan surat eserlerine, olaryň her biriniň aýratynlyklaryna, çeperçiligine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, her bir sungat eseri ynsana ýakymly täsir edýä...