XVIII tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy

Şu gün Indoneziýada “Bung Karno” stadionynda XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu tomaşa ýaryşlary geçirýän ýurduň özboluşly milli öwüşginlerine beslendi. Ýagyş hem bu dabaranyň köpöwüşgünli häsiýetine päsgel berip bilmedi.
Ýygnananlar Indoneziýanyň Prezidentiniň hem-de Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidentiniň çykyşlaryny şowhunly el-çarpyşmalar bilen garşyladylar. Myhmanlaryň hatarynda Halkara olimpiýa komitetiniň baştutany Tomas Bah hem bar, ol ondan ozal türgenleriň obasyna bardy we onuň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş boldy.
Şeýle hem tomusky Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň Hançjou şäherine (HHR) gowşurylyş dabarasy boldy, bu ýerde 2022-nji ýylda nobatdaky Aziada geçiriler.
Indoneziýadan, Hindistandan we Koreýa Respublikasyndan tans toparlarynyň we artistleriň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Ýaryşlaryň jemlerini jemlemek bilen, XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň üç medal — bir kümüş we iki bürünç medal alandygyny bellemek gerek.
Kristina Şermetowa kümüş medala mynasyp boldy. Biziň belli agyr atletikaçymyz 53 kilograma çenli agram derejede iň soňyna çenli altyn medal ugrunda bäsleşip, garşydaşyndan bary-ýogy bir kilogram yzda galdy.
Şihazberdi Öwelekow nusgawy göreşde 87 kilograma çenli agram derejede ýemenli bäsdeşinden üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy.
Tomusky Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça Kemal Meredowyň mynasyp bolan bürünç medaly Türkmenistan üçin sportuň bu görnüşinde ilkinji sylagdyr. 56 kilograma çenli argam derejede Kemal mongol bäsdeşinden üstün çykdy.
Mundan başga-da, ýaryşlaryň dowamynda biziň türgenlerimiz ençeme gezek ýeňşe golaýladylar, bu bolsa milli sportumyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.
Düýn, ýaryşlaryň jemleýji gününde sambo boýunça bäsleşikler geçirildi. 90 kilograma çenli argam derejede ildeşlerimiz Nurberdihan Orazmuhammedow we Ruslan Esgerow çykyş etdiler. Emma bu gezek olara şowlulyk ýaran bolmady. R.Esgerow diňe bäşinji orny eýeledi.
Şeýlelikde, XVIII tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Indi biziň türgenlerimize hem-de türkmen sportunyň ýolbaşçylaryna ýeňişlere beslenmeli täze ýaryşlar garaşýar.