img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Iýun

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy...

DOWAMY
pic
8 Iýun

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň...

DOWAMY
pic
7 Iýun

DÖM ULGAMYNDAKY MEÝLETIN MILLI SYN BOÝUNÇA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI

2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň deslapky tanyşdyrylyş dabarasy geç...

DOWAMY
pic
7 Iýun

AŞGABATDA «AMYDERÝANYŇ AŞAKY AKYMYNDA EKOULGAMLAÝYN ÇEMELEŞMÄNIŇ ESASYNDA ÝERDEN PEÝDALANMAK WE EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK» ATLY SEBITLEÝIN TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly sebitleýin taslamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa ornaşdyrylýan bu taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýandyr.   Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ob...

DOWAMY
pic
7 Iýun

KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-ERMENI GEŇEŞMELERI

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 6-7-nji iýuny aralygynda Ýerewan şäherinde daşary syýasy edaralaryň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça birinji türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän konsullyk meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. ...

DOWAMY
pic
6 Iýun

ÝHHG TÜRKMENISTANDA TELEWIDENIÝENIŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ TÄZE MODELLERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 5-6-njy iýunynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan «21-nji asyrda telewideniýeniň maliýeleşdirilmeginiň modelleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni Beýik Britaniýadan we Ukrainadan gelen halkara bilermenler geçirdiler we olar jemgyýetçilik telewideniýesiniň esasy ýörelgelerini we döwlet, täjirçilik we jemgyýetçilik telewideniýesiniň maliýeleşdirilmeginiň däp bolan modelleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.   Çärä Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kin...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Türkmen türgenleriniň başa-baş söweşiň garyşyk görnüşinde gazanan ynamly ýeňişleri

Şu ýylyň 28-nji maýyndan 6-njy iýun aralygynda Ukrainanyň Belgorod-Dnestrowskiý şäherinde başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri (Iňlisçede «Miхed martial arts», gysgaça MMA atlandyrylýan sport görnüşi) boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan türgenleriň 550-si gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana türgenleriň 3-si wekilçilik edip, her biri örän mynasyp çykyş etmegi başardy. Olar umumy hasapda 10 medaly — 8 altyn we 2 kümüş medaly gazandylar. Içeri i...

DOWAMY