SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlap Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylan işleriň netijeleri barada wise-premýerler hasabatlaryny berdiler. Türkmen Lideri kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat döwründe aln...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
BRÝUSSEL ŞÄHERINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Energeti...
AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...
Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi. Ozal habar berlişi ýaly, halkymyzyň milli baýramçylygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz 4-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy aýawly saklamak barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde Oraza baýramy ýurdumyzda milli däpler...
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Oraza baýramy bilen gutlady
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy — mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýramçylygyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak g...