SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY GDA-NYŇ BAŞ BINASYNDA SERGI GURNADY
2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi. Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine Ýe...
Döwletiň ykdysady kuwwaty — jemgyýetiň we her bir adamyň rowaçlygyna
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr. Munuň özi türkmen ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze t...
Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Wekiliýetiň düzüminde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara g...
Ilçi Sorin Wasile Moldowan Rumyniýanyň ÝeB-niň Geňeşine başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy
Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi. DIM-iň saýtynda habar berlişine görä, duşuşyk Rumyniýanyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrylyşa bagyşlandy. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guran çäresine ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar ber...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ YHDGM-NIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň (YHDGM) başlygy Polat Bilbil oglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde geçiril...
RUMYNIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY AŞGABATDA BRIFING GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp brifing geçirildi. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri we wekilhanalarynyň hem-de halkara...
Türkmenistanda merdana Watan goragçylary sarpalanylýar
Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdelere, esgerlere, gullukçylara we harby talyplara iberen Gutlagynda ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda, belent sepgitlere ýetmekde Watan goragçylarynyň mynasyp goşandyny...