img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI ÝUNESKO-DA IŞE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýeti...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Ýaş zehinler — türkmen ylmynyň geljegi

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy b...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...

DOWAMY
pic
12 Iýun

BAKU ŞÄHERINDE “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA GEÇIRILJEK BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY BARADA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklarý seljeriş Merkezi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Baku şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, deputatlar, maliýe-ykdysady  we maýa goýum edaralarynyň wekilleri, bi...

DOWAMY
pic
12 Iýun

Türkmen Lideri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine we halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!  Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANDA YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ý...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE LITWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waldas Lastauskas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde hem-de abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, BMG bilen hyzm...

DOWAMY