SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 10-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi. Biri-birleri bilen gyzgyn salamlaşyp, taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen durmuşyň ähli pudaklaryny öz içine alýan netijeli özara hereketlerini nygtadylar. Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy bu halkara düzümiň hemmetaralaýyn kanunylyg...
BMG ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Geçen ýyllarda gazanylan umumy sepgitlere syn bermek, şeýle-d...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ILÇISINI KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow BAE-niň Ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ug...
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY WE MEDENI UGURLAR BOÝUNÇA SERGILER
Şu gün, 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň iki günlük halkara sergisi öz işine başlady. Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabaras...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ BARŞYNDA GENDER SYÝASATYNY KÄMILLEŞDIRMEK BABATDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. Çäre şol gün Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirildi. Dialogyň gatnaşyjylary, ýagny Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyl...
TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bu mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryn...