SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar. Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgun...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler. Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝ BOÝUNÇA BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy aýratyn belleýär, ýagny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiri...
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň arasyndaky ysnyşykly özara hereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün te...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖŇ GAZANYLAN YLALAŞYKLARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän öňde duran çäreleriň tertibine hem...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA DOHADA GEÇIRILÝÄN HALKARA DUŞUŞYGA GATNAŞÝAR
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar. Arasynda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar par...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýo...