RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Awg

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň plenar mejlisiniň barşynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen kararnama biragyzdan kabul edildi

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama...

DOWAMY
pic
29 Iýul

ÝURDUMYZDA ÖZ IŞINI TAMAMLAÝAN KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatanşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diploma...

DOWAMY
pic
28 Iýul

BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-njiu ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. O...

DOWAMY
pic
28 Iýul

DUŞANBEDE GEÇEN BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK TOPARYNYŇ MEJLISINDE HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler.  Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýoka...

DOWAMY
pic
27 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNYŇ WEKILLERI HAZAR DEŇZINDÄKI BILELIKDÄKI IŞLERIŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Nobatdaky duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri - «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri P.Şa...

DOWAMY
pic
27 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2021-nji ýylyň 27-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salam...

DOWAMY
pic
27 Iýul

TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY SEBIT WE HALKARA DEREJELERINDE ALNYP BARYLÝAN HEREKETLERE IŞJEŇ GATNAŞÝAR

2021-nji ýylyň 26-27-nji iýuly aralygynda Täjigistan Respublikasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan t...

DOWAMY