SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen CTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem ýaragsyzlanmak, ýaraglara gözegçilik etmek we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurlaryndaky halkara gün tertibini...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler. Iň ýokary derejeli we ýokary derejeli aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde e...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny aýratyn belledi...
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň netijeli h...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgele...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikas...