img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Few

«ARKADAG» WE «AL-NASSR» FUTBOL TOPARLARY DUŞUŞDY

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty ö...

DOWAMY
pic
11 Few

Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal Daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy. «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plena...

DOWAMY
pic
10 Few

BÄSDEŞ TOPARLARYŇ WEKILLERINIŇ METBUGAT MASLAHATY

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar....

DOWAMY
pic
10 Few

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Ilçi M.Maşalowyň Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...

DOWAMY
pic
10 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mäh...

DOWAMY
pic
10 Few

BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Egor Zaýsewiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş müm...

DOWAMY
pic
10 Few

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady...

DOWAMY