SOŇKY HABARLAR
Pekinde adam hukuklary babatda global dolandyryş boýunça 2026-njy ýylyň Ýokary derejeli forumy geçirildi
babatda global dolandyryş boýunça Ýokary derejeli forum geçirildi. Çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Metbugat kanselariýasy we Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy. Iki günlük forumyň baş temasy “Bilelikdäki ösüş we umumy elýeterli adam hukuklary: Ösüşe bolan hukuk baradaky Jarnamanyň kabul edilmeginiň 40 ýyllygy we adam hukuklaryny global dolandyrmagyň täze garaýşy” diýlip atlandyryldy. Çäre 100-den gowrak ýurtlardan we halkara guramalardan, şol sanda...
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen häzirki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Çaň’an uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Ýakynda, ýagny 2026-njy ýylyň 10-njy iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda giňden baýram edilýän Ylymlar güni mynasybetli “Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň 22 döwletinden jemi 50 sany abraýly ýokary okuw mekdeplerinden, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň hem birnäçe uniwesitetlerin...
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
2026-njy ýylyň 10–12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masuşita, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen duşuşyklar geçirildi....
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maria Agrenden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşally...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi. Robert Floýd wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belled...
Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Çärä Türkmenistanyň, Täjigistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary, şeýle hem Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolb...