RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçirildi

2025-nji ýylyň 13–17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy-barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň hem-de 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda baglaşylan Hazar deňzinde howpsuzlyk babatd...

DOWAMY
pic
13 Okt

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýe...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistanyň ýaşlary durnukly ösüş üçin ekologiýa meseleleriniň üstünde işjeň işleýärler

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlary, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçilerini, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlary, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekillerini we bilermenlerini birleşdiren Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenistandaky LCOY 2025 maslahaty BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýanyndaky çagalar we ýaşlar boýun...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025” gatnaşdy

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen gatnaşdy. «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.  Sammitiň «Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we tizleşdirilen tapgyry» diýen mowzugy astynda geçirilen mejlisinde çykyş eden O.Berdiliýewa, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýa...

DOWAMY
pic
10 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan “Kasri Millat” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlaryny...

DOWAMY
pic
9 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düş...

DOWAMY