SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler hem-de halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantuň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar. Syýasy dialogyň we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de ynanyş...
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara...
Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeje Odongonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ugandanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn ä...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ulgamyna girýän edara...
Pekinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pekiniň “Marriott” myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Halkara bölüminiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim we Medeniýet we syýahatçylyk ministrli...
Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähi...
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňdebaryjy koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzir...