SOŇKY HABARLAR
Tatarystanyň paýtagtynda Aziada-2017-niň tanyşdyrylyşy geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti “Russiýa – yslam dünýäsi: “Kazansummit-2017” atly IX Halkara ykdysady sammitiň umumy mejlisine gatnaşdy. Sammitiň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Sammite gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň 50 ýurdundan ýokary derejeli myhmanlaryň 2 mü...
Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular
Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän we 57 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşýan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýedinji gününde türkmen türgenleriniň ikisi gatnaşýan boks boýunça final tutluşyklar esasy sport wakalarynyň biri boldy. Ýaryşlaryň barşynda ýurdumyzyň toparynyň gazanan sylaglarynyň üsti bir altyn we bir kümüş medal, şeýle hem düýnki ýaryşlarda mynasyp bolnan bir bürünç medal bilen dolduryldy. Grek-rim göreşi boýunça şu gün türgenimiz bir bürünç medala mynasyp boldy. 81 kilo...
Türkmen türgeni bürünç medala eýe boldy
Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri şu gün grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklere girişdiler, olar bäsleşikleriň birinji güni bir bürünç medal aldylar. Boksçylaryň bäsleşiklerinde türgenlerimiz finala çykdy. Göreş boýunça bäsleşiklerde hem-de 59 kilograma çenli agram derejede Seýdulla Tazaýew üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we ýurdumyzyň ilkinji olimpiýa baýdagyny göterijisi Rozy Rejepowyň şägirdi çekeleşikli tutluşykd...
Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiriniň hatynda şeýle diýilýär: Sizi hem-de Türkmenistanyň tutuş halkyny Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde geçirilen kikboksing boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary we umumytoparlaýyn medal bäsleşiklerinde türkmen toparynyň gazanan ýeňşi bilen gutlamaga...
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň hormatly agzasy Doktor Tamash Aýanyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: Agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Men Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligine hem-de Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynyň ajaýyplygyna diýseň guwandym. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oý...
Bakuda geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen agyr atletikaçyary altyn we kümüş medala eýe boldular
63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Biziň türgen gyzymyz agramlygy çekip galdyrmakda agramy 88 kilogram bolan ştangany, itip galdyrmakda bolsa 105 kilogram agramlykdaky ştangany galdyrmagyň hötdesinden gelip, bäsleşigiň iki görnüşinde 193 kilogram toplady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdiniň artykmaçlygy jedelsiz boldy: onuň ýakyn bäsdeşi ýeňijiden alty kilogram yza galdy. Kümüş m...
Maslahata gatnaşyjylar halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň resminamasy hökmünde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata BMG-nyň wekilleri, “Aziada-2017-ä” taýýarlyk görmek boýunça işlere gatnaşýan halkara...