Bakuda geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen agyr atletikaçyary altyn we kümüş medala eýe boldular

photo

63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Biziň türgen gyzymyz agramlygy çekip galdyrmakda agramy 88 kilogram bolan ştangany, itip galdyrmakda bolsa 105 kilogram agramlykdaky ştangany galdyrmagyň hötdesinden gelip, bäsleşigiň iki görnüşinde 193 kilogram toplady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdiniň artykmaçlygy jedelsiz boldy: onuň ýakyn bäsdeşi ýeňijiden alty kilogram yza galdy. 

Kümüş medala bolsa Gülnabat Kadyrowa (69 kilograma çenli) mynasyp boldy. 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada gatnaşyjynyň jemleýji netijesi 224 kilograma we çekip galdyrmakda 99 kilograma deň boldy. Agyr atletikaçy türkmen zenany çykyşlaryň iki görnüşinde hem täze milli rekordlary, ozalkydan 4 kilogram köp bolan üstünligi gazandy. Ştangany itip galdyrmakda türkmen türgen zenany 115 kilogram agramlygy galdyrdy. 

Mariýa Lohowa 70 kilograma çenli agram derejesinde dzýudo boýunça bäsleşikde bürünç medala mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz üçünji orun ugrunda tutluşygyň eýýäm ikinji minudynda Marokkonyň ýygyndy toparynyň wekili Hafsa Ýatimden üstün çykmagy başardy. 

Tennis boýunça ýurdumyzyň zenanlarynyň ýygyndy toparyndan Jahan Baýramowa, Anastasiýa Prenko we Güljan Muhammetkulyýewa çekeleşikli bäsleşikde Azerbaýjanyň (2:1), şeýle hem Pakistanyň toparyny ýeňip (3:0), bürünç medala mynasyp boldular. 

...Suwda ýüzüjileriň arasynda Merdan Ataýew tapawutlandy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň okuwçysy 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmegiň jemleýji tapgyrynda üstünlik gazanyp, ikinji orny eýeledi. 

Şu günki üstünlikleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň eýýäm 5 medaly (bir altyn, iki sany kümüş we iki sany bürünç) toplandygyny bellemek gerek. Munuň özi biziň türgenlerimiziň umumy toparlaýyn çykyşlarda güýçli toparlaryň onlugyna girmegine mümkinçilik berdi. 

14-nji maýda türkmen türgenleriniň ýene-de biri, boksçy Horasan Ymamkulyýew 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlarda iki tutluşykda ynamly ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy.