img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär

18 — 21-nji maýda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen göreşi boýunça Afrikanyň ilkinji çempionaty geçirildi, şeýle hem Afrika yklymynyň Göreş federasiýasy döredildi. Çempionata 10-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar erkekler üçin üç agram derejesinde, zenanlar üçin üç agram derejesinde guraldy. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Guşakly göreş milli federasiýasynyň wekilleri eminlik etdiler. Türkmen göreşiniň dünýäde giňden ýaýrap başlamagy hormatly Prezidentimiz...

DOWAMY
pic
19 Maý

Tatarystanyň paýtagtynda Aziada-2017-niň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti “Russiýa – yslam dünýäsi: “Kazansummit-2017” atly IX Halkara ykdysady sammitiň umumy mejlisine gatnaşdy. Sammitiň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Sammite gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň 50 ýurdundan ýokary derejeli myhmanlaryň 2 mü...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän we 57 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşýan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýedinji gününde türkmen türgenleriniň ikisi gatnaşýan boks boýunça final tutluşyklar esasy sport wakalarynyň biri boldy. Ýaryşlaryň barşynda ýurdumyzyň toparynyň gazanan sylaglarynyň üsti bir altyn we bir kümüş medal, şeýle hem düýnki ýaryşlarda mynasyp bolnan bir bürünç medal bilen dolduryldy. Grek-rim göreşi boýunça şu gün türgenimiz bir bürünç medala mynasyp boldy.  81 kilo...

DOWAMY
pic
17 Maý

Türkmen türgeni bürünç medala eýe boldy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri şu gün grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklere girişdiler, olar bäsleşikleriň birinji güni bir bürünç medal aldylar. Boksçylaryň bäsleşiklerinde türgenlerimiz finala çykdy. Göreş boýunça bäsleşiklerde hem-de 59 kilograma çenli agram derejede Seýdulla Tazaýew üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we ýurdumyzyň ilkinji olimpiýa baýdagyny göterijisi Rozy Rejepowyň şägirdi çekeleşikli tutluşykd...

DOWAMY
pic
16 Maý

Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň  Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiriniň hatynda şeýle diýilýär: Sizi hem-de Türkmenistanyň tutuş halkyny Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde geçirilen kikboksing boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary we umumytoparlaýyn medal bäsleşiklerinde türkmen toparynyň gazanan ýeňşi bilen gutlamaga...

DOWAMY
pic
15 Maý

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň hormatly agzasy Doktor Tamash Aýanyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: Agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Men Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligine hem-de Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynyň ajaýyplygyna diýseň guwandym. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oý...

DOWAMY
pic
15 Maý

Bakuda geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen agyr atletikaçyary altyn we kümüş medala eýe boldular

63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Biziň türgen gyzymyz agramlygy çekip galdyrmakda agramy 88 kilogram bolan ştangany, itip galdyrmakda bolsa 105 kilogram agramlykdaky ştangany galdyrmagyň hötdesinden gelip, bäsleşigiň iki görnüşinde 193 kilogram toplady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdiniň artykmaçlygy jedelsiz boldy: onuň ýakyn bäsdeşi ýeňijiden alty kilogram yza galdy.  Kümüş m...

DOWAMY