SOŇKY HABARLAR
DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...
Türkmenistanyň we Eýranyň işewürler toparlary bähbitleri birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler
Düýn paýtagtymyzda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde şu gün ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Eýranyň senagat toplumynyň gazananlarynyň her ýyl geçirilýän gözden geçirilişine gatnaşmak üçin Türkmenistana Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygynda uly işewürler topary geldi. Aşgabatda geçirilýän eýra...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministri j-p Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Syýasy hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Dürli derejeler...
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. Paýtagtymyzda her ýyl geçirilýän eýran haryt öndürijileriniň gazananlaryny görkezýän bu çäre asylly däbe öwrüldi, ol ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga, geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşykl...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-HYTAÝ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Nuer Baýkeliniň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ençeme esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan energetika ulgamynda ýet...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň senagat, magdanlar we söwda ministrini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Myhman EYR-nyň harytlarynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip, paýtagtymyza geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan eden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyza aýdan...
Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda üstünlik gazandy
Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň deslapky tapgyrynda ynamly ýeňiş gazandy. Çempionatyň ähli oýunlary Saraýewonyň (Bosniýa we Gersogowina) “Dzetra” buzly meýdançasynda geçirildi. Biziň ýygyndymyz we ýer eýeleri soňky oýna iň gowy görkezijiler bilen geldiler – olaryň her biri BAE-niň we Kataryň toparlaryndan üstün çykyp, 6 utuk gazandylar. Şu duşuşygyň ýeňi...