Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň senagat, magdanlar we söwda ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Myhman EYR-nyň harytlarynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip, paýtagtymyza geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan eden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyza aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Eýranda ägirt uly kuwwata eýe bolan depginli ösýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk arkaly bagly bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar we şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini belläp, dürli pudaklarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesine daýanýan peýdaly gatnaşyklary giňeltmek üçiň uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň özara bähbitli işewür gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, maýa goýum işlerini höweslendirmäge ýardam bermäge meýillerini tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda EYR-nyň däp bolan ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we onuň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli ugur bolup, yzygiderli geçirilýän bilelikdäki işewür maslahatlaryň ähmiýeti bellenildi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň anyk serişdesi hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparyna hem möhüm orun berilýär.
Pursatdan peýdalanyp, myhman häzirki ykdysady gözden geçirilişini guramak we geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigine Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirdi. Sergide Eýranyň öňdebaryjy kompaniýalary we senagat merkezleri öz önümlerini hem-de iň täze işläp taýýarlamalaryny görkezýär. Bu iri möçberli köpugurly sergi goňşy ýurduň işewür toparlarynyň yzygiderli ösüş depginini görkezýän geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de sebitleri toplumlaýyn ösdürmek babatda iri möçberli maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, munuň hem eýran hyzmatdaşlar bilen, şol sanda iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Energetika we ulag ulgamlary hem hyzmatldaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamlarda ýurdumyz birnäçe möhüm halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şunda birnäçe ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen hem-de bütin Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly umumy tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysallarynyň biridir.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadari iki dostlukly goňşy ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.