SOŇKY HABARLAR
ZAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Şadrek Ç. Luwita bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapynyň wekiline ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşryp, Ilçi Luwita ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilikli we netijeli...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi, agzybirligi hem-de ylalaşyklylygy alamatlandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Gadyr gijesini egsilmez joşgun, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy a...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýa...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Dabara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we...
«Amul — Hazar 2018» mediaforumy
9-njy iýunda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine hem-de onuň çäklerinde geçirilýän welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna bagyşlanan mediaforum boldy. Forumyň işine ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, sebitiň häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. “Mary” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada foruma gatnaşyjyla...
AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
TÜRKMENISTAN WE GWINEÝA-BISAU IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Saud Arabystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mamadu Sano bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklik ugrundaky, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mundan beýläk hem halkara guramalaryň çäklerinde özara g...