SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIII FORUMYNA GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda Astanada Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy. GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýe...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si SZINPINE Siziň Alyhezretiňiz! 65 ýaş toýuňyz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Siziň hytaý halkynyň bähbidine üýtgewsiz wepalylygyňyz we ýurduňyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna argynsyz zähmetiňiz hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi berkitmek ugrundaky işe uly goşandyňyz Siziň Hytaýda we ondan daşarda mynasyp hormata hem-de abraýa eýe bolmagyňyza getird...
SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY
2018-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Primož Şeligo bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini belläp, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsa...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...
AŞGABATDA HALKARA YLMY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahatyň işine Türkmenistanyň alymlary, mugallymlary we ýaş alymlary, şeýle hem otuzdan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-niň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispa...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda täze bellenilen direktor saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy dürli keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we BSG-niň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we bu abraýly ha...
ZAGREBDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HORWAT HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Zagreb şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Taraplar 2015-nji ýylyň 4-5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-h...