RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Sen

Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak ynanylan , Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew interwýu berdi:  - Türkmenleriň taryhy ahalteke bedewi bilen aýrylmaz baglydyr.Türkmenler: “Atym – ganatym” diýýär. Bedew – türkmenleriň ganaty, taryhyň barşyna okgunlylyk beren gymmatlygy.Hut şoňa görä-de, Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasy we tutuşlygyna onuň hemme çäreleri bedew bilen bagla...

DOWAMY
pic
19 Sen

Oýunlara täzeden gaýdyp gelen özbegistanly Dustow garşydaşlaryna ussat oýunçydygyny subut edýär

Özbegistanly türgen Faruk Dustow howply garşydaşlaryň biri. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilýän erkekleriň arasyndaky tennis sportunyň ýekebara görnüşinde hiç kim onuň garşysyna oýnamak islemeýär. Onuň sebäbini hem ussat özbek türgeni sişenbe güni geçirilen oýunda görkezdi.    193 santimetr boýy bolan Dustow iki ýarym ýyl mundan ozal tennis sportunyň dünýä türgenleriniň sanawynda 100-nji orunda durdy. Ol tennis sportunda iň ýokary derejä ýetmegi maksat edin...

DOWAMY
pic
19 Sen

Katarly basketbolçylar Aşgabat 2017-de diňe altyn medal üçin ýaryşarlar

Kataryň sportuň 3x3 basketbol görnüşi boýunça topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna yhlasly we uly ynamly geldi. Kataryň bu topary 20-nji sentýabrda çarşenbe güni Samoanyň toparyna garşy oýnar. Samoa Oýunlaryň dowamynda Kataryň toparyna garşy çykyş etjek esasy garşydaş bolup durýar.   Olaryň ýyldyz oýunçysy Tanguý Ngombo Aşgabat 2017-de iň görnükli çykyş etjek oýunçylaryň biri bolar. Sebäbi onuň 5x5 basketbol boýunça baý tejribesi bar. Tanguý Ngombonyň "NBA" to...

DOWAMY
pic
19 Sen

Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...

DOWAMY
pic
19 Sen

Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary

Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar.  Indi olar meşhur jemgyýetçilik işgärleri we sportuň wagyzçylarydyr. Olar sportuň ilçileri bolmak bilen dürli ýurtlarda diplomatik wezipäni ýerine ýetirýärler. W.Tretýak we I.Rodnina Türkmenistanda täze hakyky dostlaryny we muşdaklaryny tapdylar. Şoňa gör...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BOSGUNLARYŇ SPORT TOPARLARY BARADAKY BMG-NIŇ JARNAMASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Onuň işine türkmen diplomatlary, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
18 Sen

Ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary 13 sanysy altyn 25 medala eýe boldular

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny...

DOWAMY