RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Noý

Hormatly Prezidentimiz bilim we sport baradaky halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň hem-de tejribäniň çeşmesidir. Bilim döwletimiziň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistany has-da okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, biz...

DOWAMY
pic
8 Noý

Balkan welaýatynda tebigy baýlyklary gaýtadan işlemekde iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda önümçiligi intensifikasiýalaşdyrmagyň, halk hojalygynyň düşewüntliligini we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen ony senagatlaşdyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu wezipäni durmuşa geçirmekde Balkan welaýatyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda bu ýerde gazhimiýa, himiýa senagaty pudaklarynda tebigy baýlyk...

DOWAMY
pic
8 Noý

MASEM-niň guran seminary derýalary basseýn usulynda dolandyrmagyň sebit tejribesine bagyşlandy

Paýtagtymyzyň „Ýyldyz“ myhmanhanasynda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre AHEHG-a ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy.  Duşusyga işi ykdysadyýetiň tebigy serişdeleri ulanmak bilen baglanşykly döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli ekologiýa taslamalarynyň, TTGJ we „Tebigy kuwwat“, tebigaty goramak jemgyýetçilik gurama...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzümleriniň ösdürilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ugramazynyň öň ýany degişli ýolbaşçylara howa menzilini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.  Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelen soň, döwlet Baştutanymyzy welaýatyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. ...

DOWAMY
pic
4 Noý

DHÇMB-niň söwdalarynda pagta önümleri esasy haryt boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tüýjümek önümler, nah mata we ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahas...

DOWAMY
pic
2 Noý

Aşgabatda halkara nebitgaz forumy açyldy

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar.  OGT — 2017 forumy dünýä işewürlik senenamasynda berk orun eýeläp, uly abraýa mynasyp boldy, onuň giň wekilçilikliligi Türkmenistanyň hem-de onuň mümkinçilikleriniň uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär, gatnaşyklara özara ymtylmalary görkezýär,...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistan – Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.  Milli Liderimiziň bu sapary dostlugyň berk binýadyna hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazar. Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistanyň doly möçberli hyzma...

DOWAMY