SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa ösüş bankynyň wekilini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça departamentiniň baş direktory Werner Lipagy kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy öňde boljak şanly wakalar — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň täze desgalarynyň gurluşygyna, Türkmenis...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi. Wagt tapyp kabul edenligi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna gül...
Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň wise-prezidenti Mansur Muhtary kabul etdi, ol ägirt uly halkara ähmiýetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy öňde boljak şanly wakalar — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Sultan Bin Said Al-Mansury kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Halif Bin Zaýed Al Nahaýanyň mähirli salamyny hem-de sebit ähmiýetli nobatdaky giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçiri...
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler döwlet ministri bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri jenap Mobaşar Jawed Akbar bilen duşuşdy. Ol öňümizdäki dabaraly çärelere gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi. Ýokary wezipeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna Hindistan Respubl...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, “Uzbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alişer Sultanowy kabul etdi. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragat...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler
Mary welaýatynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň täze desgalarynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy...