SOŇKY HABARLAR
SERHETABAT-TURGUNDY TÄZE TÜRKMEN-OWGAN DEMIR ÝOLY BOÝUNÇA OTLYLARYŇ HEREKETI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalary üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi
“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy. Owgan lideri sebit ösüşi nukdaýnazaryndan şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetini belledi: «Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan başlap, Günorta Aziýa döwletleri ähli ugurla...
TOP we TOPH taslamalary boýunça resminamalara gol çekildi
TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşygyna hem-de...
Türkmenistanyň Merkezi banky TOPH taslamasyna bagyşlanylan ýadygärlik şaýy pullary çykardy
Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Täze şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde içki teg...
TÜRKMENISTAN 2019-2020-NJI ÝYL DÖWRI ÜÇIN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ IÇERKI ULAGLAR BOÝUNÇA KOMITETINIŇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi
Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylm...