SOŇKY HABARLAR
Agyr atletikaçylaryň yklym birinjiliginde gazanan medallary
Özbegistanyň Ürgenç şäherinde dowam edýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular. Bunýat Raşidow silkip götermekde 62 kilogram agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. 69 kilograma çenli agram derejesinde toparymyzyň birbada iki türgeni hormat münberine çykdy. Şatlyk Şöhradow silkip götermekde üçünji ýere, Begenç Amannaýew bolsa itekläp götermekde bürünç medaly aldy. ...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...
Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna halkara sergi-ýarmarka guraldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarka açyldy. Dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri ýygnan sergi hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegi, atçylyk ulgamynda işewür we ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, bedewleri ýetişdirmekde we ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edinýär. Sergä gatnaşýan ýurtlaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hyt...
Türkmen talyplary Pekinde gurnalan dostluk futbol oýnunyň ýeňijisi boldular
Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň sport toplumynda şu ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda futbol duşuşygy boldy. Çäräni Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň goldamagynda ýurdymyzda geçirilýän köpçülikleýin sport we bedenterbiýe-sagaldyş bir aýlygynyň çäklerinde gurnady. Duşuşyk başlanmazdan öň uniwesitetiň prorektory Çžaý Şuansin oňa gatnaşyjylara we t...
AŞGABATDA HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ VIII MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada...
TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Şweýsariýanyň Daşary işler federal departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şweýsar tarapynyň wekiliýetine Ilçi, DIFD-niň Döwlet sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝHHG boýunça kömekçisi Nikolas Brýül ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy gatnaşyklary, parlamentara özaragatnaşyklaryň we halkara guramlaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) jenap Ngo Dyk Man bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda Günorta-Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen tarapy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşykl...