SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman kabul etmäge wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milletiň we dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy — behişdi bedewleriň öçmejek şöhratynyň beýany bolan ýurdumyzda geçirilen iri möçberli dabaralara gatnaşmaga tüýs ýürekden buýsanýandygyny...
Hormatly Prezidentimiz milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy ba...
Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
Bangkokda (Tailand) tamamlanan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionatynda Saparmyrat Ödäýew 64 kilograma çenli agramlyk derejede ikinji orna mynasyp boldy. Tälimçiler Serdar Hajyýewiň we Aşyrmämmet Satlykgulyýewiň şägirdi finala çenli üç duşuşyk geçirdi. 1/8 finalda biziň türgenimiz laosly boksçy bilen duşuşdy we yzygiderli hüjüm edip, garşydaşyndan üstün çykdy. Eýranly boksçy bilen bolan duşuşykda üç tapgyryň netijesi boýunça ildeşimiz ýeňiji diýlip yglan edildi. S.Ödäý...
Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary
Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen zonal Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary nobatdaky altyn medala mynasyp boldy. Türkmenistanlylar finalda ýer eýeleri bilen duşuşdylar. Oýnuň birinji döwri biziň toparymyz üçin şowly bolmady. Emma türkmen topary tutanýerli göreşde ilki oýnuň gidişini deňlediler, soňra bolsa bäsdeşleri - Bangladeşiň türgenlerinden doly üstün çykdylar. Biziň woleýbolçylarymyz oýnuň soňky üç döwrün...
TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASY PETRONAS TEHNNIKI UNIWERSITETINDE TEGELEK STOL GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýanyň PETRONAS tehnniki uniwersitetinde (UTP) okaýan türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň talyplar bölüminiň wekilleri bilen bilelikde “2018-nji ýyl - Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy we Türkmenistanyň energetika syýasaty, hususan hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda alyp barýan parasatly işlerini wagyz-nesihat etmek bilen ba...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Kiýew şäheriniň Milli ulag uniwersitetinde Türkmenistanyň Ukraindaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Halkara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Ukrainada akkreditirlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Ýokary Radanyň deputatlary, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, uly döwlet we hususy ulag edaralarynyň, Ukraina...
ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ TEBIGY BETBAGTÇYLYKLARDAN GORAGLYLYGY – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady. Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we hukuk goraýjy edaralar...