SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...
Türkmenistan geljekki ýyllar üçin BMG-niň esasy düzümleriniň agzalygyna saýlanyldy
11-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine — 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan — Birleşen Mil...
Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Pekinde futbol boýunça diplomatlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy
Pekiniň Sprot institutynyň sport toplumynda futbol boýunça diplomatlaryň arasynda 23-nji ýaryş geçirildi. HHR-yň bedenterbiýe we sport işleri baradaky Baş döwlet müdirliginiň gurnan ýaryşyna jemi 18 topar -- Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň, GAR-yň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Polşanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Çehiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň, BMG-nyň we ŞHG-nyň toparlary ga...
TÜRKMENISTANYŇ EKOSOS-YŇ ÜÇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-n...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş hab...
Beýik Ýeňşiň hormatyna dabaralar: weteranlara hormat! Gahrymanlara baky şöhrat!
Şu gün ýurdumyzda şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde entek baýramçylyga çenli XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, şeýle hem tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sylaglamak çäreleri başlandy. Häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljegi we bagtyýarlygy üçin...
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir. Şoňa görä-de, biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Ýeňiş baýramyny medeni-je...