SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwl...
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...
Balkan welaýatynda şeker öndürýän kärhana gurulýar
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulýan zawodda ýylda 150 müň tonna şeker çykarylar, onuň gurluşygyny “Hyzmatdaşlar” AGPJ alyp barýar. Onuň potratçysy “Nusaý ýollary” hususy kärhanasydyr. Bahasy 200 million manatdan gowrak taslama “Senagat” PTB-nyň ýeňillikli karzynyň we kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna gurulýar. Paýdarlar indiki ýyl şüýji tagam öndürýän kuwwatlyklary özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. AGPJ-niň baş direktory Hudaýberdi Hangeldiewiň aýtmagyna görä, önümçiligiň göz öňü...
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk u...
Лучшие работы студентов Академии художеств представлены на выставке-конкурсе
Выставка произведений молодых живописцев, скульпторов и мастеров декоративно-прикладного искусства, развёрнутая в галерее Академии художеств, порадовала посетителей полетом фантазии и оригинальностью художественного подхода. 235 экспонируемых работ, в числе которых полотна, скульптуры малых форм, керамика, ювелирные украшения, ковровые изделия, дизайнерские работы. Выставка ювелирных украшений восхитила филигранными женскими ожерельями. Утончённым великолепием привлекает колье «Гунеш», изгото...
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen ýygyndynyň nobatdaky jildi
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň nobatdakysy — 11-nji jildi çapdan çykdy. Kitaba hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi. Neşir “Täzeçillik ýoly bilen — döwrüň belent maksatlaryna tarap” diýen sözbaşy bilen açylýar. Onda ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarl...