RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ IX MEJLISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň binasyna geldi. Bu ýerde Döwlet baştutanyny resmi adamlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.    Binanyň foýesinde forumyň wekilleriniň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezide...

DOWAMY
pic
26 Apr

Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Hormatly halkara sergi-ýarmarka hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar! Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sizi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri özüniň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri we gamyşgulak bedew aty bilen şöhratlanyp gelipdir. Behişdi bedewleri...

DOWAMY
pic
25 Apr

«SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK» AÝYNYŇ ÇÄKLERINDE DIPLOMATIK KORPUSYNYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýynyň çäklerinde, Türkmenistanyň DIM-i aprel aýynyň dowamynda Aşgabat şäherindäki diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe sport ýaryşlaryny gurnady. 6-7-nji aprelde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen ýaryşlarda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy, ikinji we üçünji orunlary...

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMEN SÜRÜJILERI ASTRAHANDA GEÇÝÄN “KAGANYŇ ALTYNY-2019”ATLY RALLI-REÝDE ÜSTÜNLIKLI GIRIŞDILER

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Astrahan oblastynda Russiýanyň ralli-reýdler boýunça ýaryşynyň ikinji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdi başlandy. Bu halkara ýaryşyna Türkmen awtomobil sportuna “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan tejribeli sürüjiler wekilçilik edýärler. “Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýdi üç günläp dowam edýär we oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gatnaşýar. Ýaryşyň umumy uzynlygy 700...

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILJEK DABARALAR

Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy,  «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de Halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçiriler. Mundan başga-da, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan...

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR

2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...

DOWAMY
pic
25 Apr

AŞGABATDA TÜRKMEN-BRITAN SÖWDA-SENAGAT GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi.   Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Britan tarapyndan mejlise Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar...

DOWAMY