SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwl...
SEULDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET IŞGÄRLERINIŇ MODA GÖRKEZILIŞI WE KONSERTI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Seulyň merkezi etrabynda ýerleşen Çonge meýdançasynda Türkmenistanyň moda görkezilişi we medeniýet işgärleriniň konserti geçirildi Çärelere Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans topary, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen medeniýet ussatlarynyň çykyşlary we moda görkezilişi bu ýere gelen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň çäklerinde 28-nji...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...
Türkmenistanyň Pekindäki diplomatik wekilhanasy Demirgazyk Hytaý tehnologiýa uniwersitetinde sport bäsleşiklerini geçirdi
Şy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” maksatnamasynyň çäklerinde we her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Demirgazyk Hytaý tehnologiýa uniwersiteti bilen bilelikde sportyň birnäçe görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Türkmen ýaşlarynyň 80-siniň okaýan şu ýokary okuw mekdebiniň sport toplumynda kiçi futbol, woleýbol, ylgamak, stol üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka boýunça ýaryş geçirildi. Bäsle...
TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bed...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNDA GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ussat çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, şeýle-de döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke atynyň keşbiniň sungatda iň gowy şekillendirilmegi boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerindäki bu dabaralar Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilýär....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmen...