SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş direktory Khaled Ahmed El-Enany, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrleri çykyş etdiler. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň we hökümete degişli däl guramalaryň wekil...
Latwiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Girts Ýaunzemsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldaw...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýur...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän möhüm halkara çärelerine üns çekdi. Hususan-da, şu ýyly...
Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan edip, ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga e...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetara we dinara dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi...
Türkmenistanyň we Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşler iki döwletiň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellen...