SOŇKY HABARLAR
Туркменистан и ООН обсудили сотрудничество в области противодействия современным угрозам
7 ноября 2025 года состоялась состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимовой с региональным представителем Управления ООН по наркотикам и преступности (УНП ООН) по Центральной Азии, Афганистану, Ирану и Пакистану Оливером Штольпе. В ходе переговоров стороны обсудили актуальные вопросы сотрудничества в сфере противодействия современным вызовам и угрозам. Особое внимание было уделено совместным усилиям по реализации Программы УНП ООН для Центральной Ази...
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Jakarta şäherinde, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde (Merdeka Palace) Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalowyň Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy. Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lid...
Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Urumçy şäherinde, SUAR, HHR-de 12-nji Hytaý - Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde geçirilen hyzmatdaşlykda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi hem-de dört sany söwda we ykdysadyýet, bilim, garyplygy azaltmak we aýallaryň meseleleri ýaly ugurlar boýunça geçirilen çärelerde Hytaýyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň wekillerini birleşdirdi. Forumyň mowzugy "Hytaý-Merkezi Aziýa ruhuny ösdürmek we umumy döwrebaplaşdy...
Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamasynyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi üstünlikli geçirildi. Mejlis BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Mejlide türkmen tarapyna Türkmen...
Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol CARIСC...
Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň a...