img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Çaň’an uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

img
img
img
img
img
img

Ýakynda, ýagny 2026-njy ýylyň 10-njy iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda giňden baýram edilýän Ylymlar güni mynasybetli “Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň 22 döwletinden jemi 50 sany abraýly ýokary okuw mekdeplerinden, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň hem birnäçe uniwesitetlerinden professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň yzysüre, 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Çaň’an (Chang’an) uniwersitetiniň arasynda “Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Çaň’an uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekildi.

Onlaýn görnüşinde geçirilen gol çekişlik dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Çaň’an uniwersitetiniň Halkara bilim fakultetiniň dekanynyň orunbasary jenap Ýang Waňtun Türkmenistanyň Ilçihanasyna geldi. Dabaradan soňra myhmanlar bilen Ilçihananyň diplomatlarynyň arasynda geljekde iki uniwersitetiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri, türkmen ýaşlarynyň agzalan ýokary okuw jaýynda bilim almak meseleleri şeýle hem Ähtnamanyň çäklerinde durmuşa geçirip boljak oňyn işleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.