SOŇKY HABARLAR
Zimbabwe Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Braýt Kupembanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-zimbabwe gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Hal...
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024-2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy. Geňeşiň agzalarynyň goldawy netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda komissiýanyň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhletiň işlerini ýerine ýetirýär: 2016-2020 we 2020-2024-nji ýyllar. Ilat we ösüş komissiýasy (CPD) ECOSOC-yň on sany komissiýasynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika...
07 dekabr 2023 441 Aşgabatda türkmen – türk işewürlük forumy geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatda bir türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi, oňa Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň degişli hökümet we işewür düzümleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Hususanda, foruma gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe bolýandgyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özün...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, türk wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Ykdysady hyzma...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gyzykly pikir alyşma geçirildi. Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hasam giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan Aws...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Russiýa tarapy, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda ösýändigini belläp, Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziý...