SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-WENGER GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ÝOKARY DEREJEDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 9-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklary...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Ilçiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. W.Hajiýew Ilçini gutlap, onuň täze wezipä bellenilmegi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň has hem netijeli hyzmatdaşlyga eýe bolup, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ösjekdigine umyt bildirdi. Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpe...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir,...
WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün agşam wenger hökümetiniň baştutanynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiriler. Ertir, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär. Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça iki doganlyk dö...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISLERINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar....
TÜRKMENISTAN WE BMG HYZMATDAŞLYGY HAS-DA PUGTALANDYRMAK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory hanym G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligini...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞLERINI GEÇIRDILER
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli çäreleri vakyngünlerde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary tarapyndan gurnaldy. Welosipedli marafonlar dünýäniň dürli künjeklerinde geçirildi, oňa türkmenler we daşary ýurtly diplomatlar, halkara, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, türgenler, türkmen we daşary ýurtly ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hereketler ilatyň saglygyny ýokarlandyrm...