„Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetinde täze tehnologiýalar özleşdirilýär

Ägirt uly „Galkynyş“ ýatagynda burawlanan ýokary debitli skwažinalaryň bäşisinden Täze ýyla çenli bir gije-gündizde on million kub metre golaý tebigy gaz alnar. „Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri eýýäm skwažinalaryň birini işe girizdiler we dördüsini işe taýýarladylar. Konserniň hünärmenleri tehnologik enjamlary oturtdylar we skwažinalaryň agzyna turba daňdylar, olary gaz geçiriş ulgamyna birikdirdiler. „Türkmengaz“ DK-nyň hünärmenleri burawlanan skwažinalarda çylşyrymly elektromontaž, takyk kebşirleýiş we skwažinalaryň agzyna turba daňmak ýaly beýleki özboluşly işleri şu ýyl ilkinji gezek özleşdirdiler. Olar bu işleri BAE-niň „Petrofak“ kompaniýasynyň enjamlaryny, çyzgylaryny we tehnologik kartalaryny ulanmak arkaly ýerine ýetirdiler.
„Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetinde häzirki wagtda hatarynda daşary ýurt firmalarynda hünär taýýarlygyny geçen we galyň diwarly turbalarda kebşirleýiş işlerine goýberilen hem-de hereket edýän skwažinalarda montaž işlerini geçirmäge ygtyýar berlen montažçylar, kebşirleýjiler, sazlaýjylar, BÖEweA hünärmenleri bolan toparlaryň birnäçesi döredildi.
Döwrebap tehnologiýalary özleşdiren ýerli hünärmenler ozal bu işleri şertnama boýunça ýerine ýetiren daşary ýurtly kärdeşleriniň ornuna geldiler. Geljek ýyl müdirýet öz güýji bilen „Galkynyş“ gaz ýatagynda ýokary debitli skwažinalaryň ýene-de onusyny işe girizerler, bu bolsa eksport gaz geçirijisine bir gije-gündizde 20 million kub metr tebigy gaz bermäge mümkinçilik berer.