Maslahata gatnaşyjylar Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň jemini jemlediler

photo

Milli sport we syýahatçylyk institutynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň jemlerine bagyşlanan “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde gurady. Maslahata sport we lukmançylyk edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. 

Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýyl köpsanly şanly wakalara baý bolup, olar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynyň ýyl ýazgysyna täze sahypalary ýazdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünliklere beslenendigini bellemeli. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilen giň möçberli halkara ýaryşlary ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ägirt uly spor mümkinçiliklerini açdy. 

“Aşgabat 2017”-niň oýunlary tutuş dünýä üçin açyk, dünýä halklary bilen ylalaşyga, özara düşünişmäge we oňyn hyzmatdaşlyga gyzyklanmalar babatda raýdaşlyk edýän Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny has aýdyňlygy bilden äşgär etdi. Çünki sport adamlary beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine baglanyşdyrýan, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň artykmaçlygyny iş ýüzünde ykrar edýän kuwwatly utngaşdyryjy mümkinçilik bolup durýar. 

Aziadanyň taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşlara diňe bir Aziýa yklymynyň däl, Okeaniýanyň döwletleriniň iň gowy türgenleriniň gatnaşmagy Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýä giňişligindäki halkara abraýyny berkitdi we Olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirýän we ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň esaslarynyň berkidilmegine goşant goşýan parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi. 

Maslahatda çykyş edenler Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny geçirmek başlangyjyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny aýratyn nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň işjeň syýasaty, ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, bedenterbiýäniň wagyz edilmegine, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine berýän ägirt uly ünsi netijesinde türkmen türgenleri bu bäsleşiklerde uly üstünliklere eýe boldular. 

Türkmenistanda toplumlaýyn “Saglyk” maksatnamasy durmuşa geçirilýär. 2011-2020-nji ýyllarda sporty ösdürmäge goldaw bermek boýunça Milli maksatnamany amala aşyrmak, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli ýerde sport toplumlary we stadionlar guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär. Bu pudakda dürli derejedäki mekdepler, jemgyýetler açyldy we olar netijeli hereket edýär. 

Aşgabatda kaşaň Olimpiýa toplumy guruldy. Türkmenistanyň şypahana merjeni bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy döwrebap şypahanalary, sport merkezleri bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ilkinji golf-klubuň açylmagy ýurdumyzda sportuň täze görnüşleriniň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr, bu ýerde türkmen türgenlerimizi we milli ýygyndylarymyzy dünýä bäsleşiklerine, Aziýa we Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakda uly mümkinçilikler döredilendir. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň dünýäniň sport döwleti hökmündäki halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.