Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça Ylmy-usulýet merkezi syýasy partiýalaryň wekilleri üçin seminar gurnady

photo

DIM-iň Halkara gstnaşyklary institutynda 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylan Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça Ylmy-usulýet merkezinde gurnalan birinji okuw-türgenleşigine demokratik, agrar, senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Merkeziň mugallymlarynyň arasynda BMG-nyň, BMGÖM-nyň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem ministrlikleriniň, hukuk institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynyň we ş.m. hünärmenleri bar. 

Bir hepdelik seminarda Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça (DÖM) umumy we amaly sapaklar, tematiki interaktiw tanyşdyrylyşlar geçiriler. Şeýle hem halkara tejribe alyşynyň we 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň ählumumy gün tertibini ýerine ýetirmegine gatnaşmagynyň ugurlaryna garalar. 

Merkeziň birinji okuw tapgyrynda wajyp temalaryň 18-si bar. Şol sanda: ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy: gender deňliginiň ugurlary boýunça dünýä tejribesi we milli işler; alternatiw energetika babatda Türkmenistanyň tejribesi we beýleki möhüm innowasiýalr; şäherleriň we ýlatly ýerleriň durnukly ösüşi; howanyň ählumumy üýtgemegi; deňiz ekologiýa ulgamynyň saklanylyp galmagy; arassa agyz suwy we sanitariýanyň wezipeleri; sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek; hukuk meseleleri we ş.m. temalar bar. 

Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara edaralary, şol sanda özara hereketi strategik häsiýetli eýe bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüş maksatnamalary (DÖM) babatda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny munuň anyk mysalydyr. 

DÖM boýunça Merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň ählumumy gün tertibini ýerine ýetirmegiini üpjün etmek boýunça ylmy-usulýet işlerini üpjün etmek maksady bilen diplomatiýa ýokary okuw mekdebinde açyldy. 

Döwlet gullugy akademiýasy, Milli bilim instituty, ýokary okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary, BMG-nyň düzümleri, halkara institutlarynyň birnäçesi we ş.m. Merkeziň hyzmatdaşlarydyr. 

DÖM boýunça Ylmy-usulýet merkeziniň başlangyjy bilen gurnalan birinji okuw seminary tamamlanandan soň pikir alşylar we teklipler hödürlenilip, olar diňleýjileriň dürli toparlary üçin indiki okuw – türgenleşiklerini taýýarlamakda göz öňünde tutular.