Wasiliý Şestakow: sambonuň taryhynda täze sahypa açyldy

Mediamerkeziniň uly zalynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow (Russiýa) çykyş etdi. Ol Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 20-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen mejlisinde sambony Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada karara gelnendigini habar berdi.
2018-nji ýylda Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlarynda alty agramda ( erkekleriň arasynda --62 kg, 74 kg, 90 kg, zenanlaryň arasynda- 56 kg, 64 kg, 72 kg) agramlarda sport sambosy boýunça ýaryş geçiriler.
-Men sambo muşdaklaryny sportuň şu görnüşinde täze sahypanyň açylmagy bilen gutlamak isleýärin—diýip Wasiliý Şestakow nygtady.—Kabul edilen şanly çözgüt sambonuň olimpiýa geljegine-de ep-esli derejede täsir eder. Indiki ýyl bu söweş sungatynyň döredilmegine 80 ýyl dolýar, dünýäniň samboçylary bu şanly senäni 2018-nji ýylyň dekabrynda Jakartada geçiriljik ýaryşlarda giňden belläp bilerler.